DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Italiýada gymmat bahaly derili haýwanlaryň fermalaryny ýaparlar

Italiýan senatynyň býujet boýunça komiteti gymmat bagaly derileri öndürmek bilen meşgullanmak hakyndaky kanuna üýtgetmeleri girizmegi goldady. Oňa laýyklykda ýurduň ähli sebitlerinde gymmat bahaly deri berýän haýwanlary saklaýan fermalary möhletsiz ýapmaklyk göz öňünde tutulýar, diýip, «Российская газета» ýazýar.

Başlangyjyň awtory senator Loredan De Petrisden başga-da ýerli haýwanlary goraýjylaryň guramasy hem muny öňden bäri talap edýärdi.

Koronawirusyň ýaýramagyna sebäp bolup biljekdigi bolsa fermalary ýapmagyň goşmaça sebäbi boldy. Mejbury ýapyljak fermalara 3 million ýewro möçberinde öwezlik bererler.

Aşaky palata tassyklandan soň Italiýada fermalary ýapmaga girişerler. Ony 2022-nji ýylyň iýulyna çenli tamamlamagy göz öňünde tutýarlar.

Italiýa Ýewropada deri öndürmek üçin haýwanlary saklamagy gadagan eden 16-njy döwlet bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: