JEMGYÝET

Türkmen hünärmenleri elektron kartalary taýýarladylar

Döwrebap sanly tehnologiýalardan, maglumatlar gorundan we uzak aralykdan barlaglardan peýdalanylyp, Türkmenbaşy şäheriniň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň awtomobil ýol görkeziji kartasy döredildi. Döwrebap sanly karta  «Garmin» awtonawigasiýa ulgamynda, şeýle hem ykjam enjamlarda (smartfonlarda we planşetlerde) synaglardan üstünlikli geçdi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy barlaghanasynda geografik maglumatlar ulgamy ulanylyp, sanly tematiki kartalaryň birnäçesi işlenilip taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasy hem taýýarlanyldy. GMU tehnologiýasy ulanylyp, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we öri meýdanlarynyň ösümlikleriniň, şeýle hem şu sebitiň we Hazarýaka pesliginiň ösümlikleriniň we topragynyň köp derejeli monitoringiniň netijeleriniň kartasy taýýarlanyldy. Ösümlikler kartasy düzülende GMU we uzak aralykdan zondirlemek ýaly döwrebap tehnologoýalar ulanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: