YKDYSADYÝET

Oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, Köneürgenç etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda oba hojalyk tehnikalarynyň, iş gurallarynyň abatlaýyş işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Üstümizdäki ýylda etrap boýunça gowaça ekilmeli ýerlerde dürli agrotehniki çäreleriň geçirilmegi üçin gerekli bolan gowaça ekijileriň, boronalaryň, kultiwatorlaryň, ýerüsti pürküjileriň ählisiniň taýýarlyk ýagdaýy gözden geçirilýär. Kärhananyň eýeçiliginde daşary ýurtlardan satyn alnan hem-de ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli, dürli görnüşli traktorlaryň 68-si bar. Hereket edýän bölümlerde ekijileriň 60-syny, hatarara bejergi geçirmekde ulanylýan kultiwatorlaryň 190-a golaýyny, tekizleýjileriň we beýleki tehnikalaryň 80-den gowragyny, 750-den gowrak boronany, 62 sany malany we beýleki iş gurallaryny abatlamak utgaşykly alnyp barylýar. Dürli meýdan işlerinde ulanylýan azallaryň hem çizelleriň käbir enjamlarynyň, beýleki ätiýaçlyk şaýlarynyň 10-dan gowrak görnüşi bu ýerde demirçi ussalaryň güýji bilen ýasalýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: