YKDYSADYÝET

Ýokary hilli aýakgaplara isleg ýokary

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasynda täze ýylyň ilkinji gününden geçen 2021-nji gazanan üstünlikleriniň üstüni ýetirmek ugrunda aladalanyp başladylar.

Has anygy, kärhanada degişli döwürde aýakgaplaryň 183 müň 349 jübüdi öndürilip, söwda nokatlaryna bökdençsiz ugradyldy. Şeýlelikde, geçen ýylda 37 million 867 müň 988 manatlyk önüm öndürilip, ozalky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 133,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Ekologiýa taýdan arassa çig maldan taýýarlanan ýokary hilli aýakgaplara isleg hem barha artýar.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: