Türkmenistanda importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişi artýar

Lebap welaýatda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň uly topary hereket edýär. Şolaryň birisi Dänew etrabynda 2015-nji ýylyň maýynda Jeýhun Nowruzow tarapyndan döredilen «Arassa kenar» hususy kärhanasydyr.

Kärhananyň önümçiligi etrabyň Döwletabat geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. Bu ýerde gurluşykda ulanylýan gury gips garyndylarynyň 2 görnüşi, ýelim goşulan gury garyndylaryň 3 görnüşi öndürilýär. Geçen ýylda 463 400 manatlyk önüm ilata hödürlenildi. «Türkmen gündogary» gazetiniň habar bermegine görä, kärhana il-ýurt bähbitli önümçiligini ýene-de giňeltmegi meýilleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector