YKDYSADYÝET

«Ýeňiş» tikin kärhanasynda mekdep okuwçylary üçin eşik tikýärler

Marynyň «Ýeňiş» tikin kärhanasynyň tikinçi  gelin-gyzlary täze okuw ýylynyň golaýlamagy bilen okuwçylaryň köýnekleriniň, şol sanda orta mekdeplerde okaýan gyzlaryň zähmet sapagynda ýörite geýýän halatlarynyň önümçiligini ýola goýdular. 

«Ýeňiş» tikin kärhanasynyň ezber elli tikinçileri ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri bilen içerki bazarymyzdaky, şeýle hem daşarky bazarlardaky ornuny barha pugtalandyrýarlar. Kärhanada ýylyň başyndan bäri on dokuz million bäş ýüz kyrk sekiz müň dört ýüz ýigrimi iki manatlyk ýokary hilli harytlyk önüm öndürilipdir. Kärhana gerek bolan dürli reňkli matalar Ruhabat dokma toplumyndan getirilýär. Garyşyk we arassa pagtadan dokalan matalardan taýýarlanylýan dürli ölçegdäki köýnekler özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Kärhanada erkek adamlar, çagalar üçin tikilýän köýnekler bilen birlik-de, ýörite buýurmalara laýyklykda, harby gullukçylar üçin jalbarlar we köýnekler hem tikilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: