DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Danbar — özüne çekiji ada

Bu kiçijik ada Karib deňzinde Gondurasyň kenaryndan 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän «Bay Islands» adalar toparyna degişli. Meýdany 490 inedördül metre barabar bolan merjen gaýalarynda gar ýaly ap-ak jaý gurlan, diýip «mail.ru» ýazýar.

Gaýalaryň üstüniň çylşyrymlylygy zerarly jaýy üç ýyldan gowrak wagtda gurupdyrlar. Adanyň hojaýyny ummanyň aşagyndan kommunikasiýalary çekipdir, gämi duralgasyny, suwa çenli aşaga düşmek üçin amatly düşelge gurupdyr. Ikinji derejesinde bolsa myhmanhana açypdyr. Hususy myhmanhananyň daşyny ajaýyp dub tokaýy gurşap alýar, kenar zolagynda bolsa telärler gurulupdyr.

Bu ýer suwuň aşagyna çümmegi we balyk tutmagy halaýanlary özüne çekýär. Syýahatçylar Gara sakgal atly deňiz garakçysynyň hazynasy baradaky syrly rowaýat hem özüne çekýär. Aýdylyşa görä, ýerli gowaklaryň birinde onuň hazynasy gizlenilip goýlupdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: