DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Belok koronawirusy ýok edip biler

ABŞ-niň Pittsburg uniwersitetiniň alymlary hat-da azajyk ulanylanda hem «SARS-CoV-2» koronawirusy doly ýok edip biljek belogy tapdylar. Bu ugurda geçirilen barlaglar baradaky makalanyň «Cell» žurnalynda çap edilendigi barada РБК salgylanmak bilen, mail.ru ýazýar.
Gürrüň «COVID-19»-a garşy «Ab8» serişdesini döretmek üçin peýdalanylýan antitelolardan (organizme üýtgeşik maddalar girizilende, işläp çykarýan hem-de onuň zyýanly täsirini ýok edýän maddalardan) on esse kiçi belok birleşmesi barada barýar.
Bu serişde koronawirusyň S-belogy bilen gatnaşyga girmäge ukyply 100 milliard molekulalaryň çalt usulda seljermeginiň netijesinde tapyldy. Bedene patogen (adamlarda, haýwanlarda, ösümliklerde kesel döredýän mikroorganizmiň bir görnüşi) hut şu serişdäniň üst bilen geçmäge ukyply. Belok birleşmesi immunoglobulin bilen birleşenden soň «AB8» serişdesi emele gelýär.
Barlaglaryň netijesinde ýazylan işde bu serişdäniň syçanlara we homýaklara koronawirusyň ýokaşmagynyň öňüni almakda we bu kesei bejermekde ýokary netije görkezendigi bellenilýär. Hünärmenler ýüze çykarylan maddanyň dokumalarda diffuziýa geçmäge (bir madda ikinji bir madda bilen aralaşmaga) ukyply diýen netijä geldiler. Bu bolsa wirusy ýok etmäge gowy kömek edýär.
Şonda molekulalar adamyň öýjügi bilen birleşmeýärler. Bu häsiýet serişdäniň berjek ýaramaz täsirlerini azaltmaga mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply