Nesil terbiýesi
Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa, çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berilendigini subut edýär. Ilkinji bilim-terbiýäniň ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere irki ýaşdan başlap, zamanabap terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli zerur şertleri döredip berýär. Çagalara bilim-terbiýe bermekde kitaplaryň ähmiýeti örän uludyr. Owadanja suratlar bilen bezelen kitaplar çagalaryň ünsüni has-da özüne çekýär.
Gymmatly çeşme bolan, Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän«Paýhas çeşmesi» kitaby ýaşlarda öz duýgularyňa erk edip bilmegi, akylly-ekramly bolmagy, watansöýüjilik, wepalylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen halk nakyllaryny we atalar sözlerini çagalara düşündirmek bilen olaryň ýagşy dost tutunmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanyp bolýar.
Şeýle-de körpelere tebigat bilen adamyň arasyndaky sazlaşyk, zähmet çekmek barada ilkinji düşünjeleri öwretmeli. Çagalaryň tebigata gezelenç etmekleri olaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, ösümlikler, janly-jandarlar barada düşünje almaklaryna, ata Watanymyza bolan söýgüsini artdyrmaklaryna oňaýly täsir edýär.
Biz — geljekki bilim işgärleri ýaş nesli zamanabap terbiýelemekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlary terbiýeläp, döwrebap bilim bereris. Şu pursatda bilim ulgamyny ösdürip, halkyň alkyşyny alýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize ähli talyp ýaşlaryň hem-de professor-mugallymlarymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys.
Aýjahan Garýagdyýewa,
Zyba Karryýewa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň talyplary.