BILIM

Mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünärini ýokarlandyryş okuwy geçirildi

Welaýat baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş merkezinde nobatdaky usuly-amaly okuwlar geçirildi.

Oňa welaýatdaky orta mekdepleriň Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmagyň medeniýeti okuw dersleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Onuň barşynda merkeziň hünärmeni Ogulgerek Hudaýberdiýewa çykyş edip, bilim ulgamyna täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy iş tejribeleriniň netijeli ornaşdyrylýandygy barada giňden durup geçdi. Soňra Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji, 26-njy, 29-njy orta mekdepleriň mugallymlary Oguljeren Sadykowa, Aida Wepaýewa, Aýgül Gurbannazarowa we beýlekiler özleriniň uzak ýyllaryň dowamynda toplan iş tejribelerini biziň bilen paýlaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: