BILIM

Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda tölegsiz okamak isleýän daşary ýurtlulardan arza kabul etmegiň möhleti uzaldyldy

GDA ýurtlarynyň talyplary üçin Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bakalawriat, spesialitet, magistratura, ordinatura we aspirantura programmalary boýunça okamak isleýänlerden arzalary kabul etmegiň möhleti bir aý diýen ýaly — 25-nji noýabra çenli uzaldyldy. Bu barada «Россотрудничество» Federal agentliginiň saýty habar berýär, diýip «turkmenportal.com» ýazýar.

Ozal, saýlamaklygyň 1-nji noýabra çenli dowam etdiriljekdigi barada ýazylypdy. Kwota almak üçin arza «education-in-russia.com» saýtynda onlaýn usulda amala aşyrylýar.

2022/2023-nji okuw ýylynda kwota 23 müň ýere barabar. Agentlik GDA agza ýurtlaryň artykmaçlyklardan peýdalanýandygyny aýdýarlar. «Россотрудничества»-nyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Primakowyň aýtmagyna görä, geçen kabul edişligiň netijeleri boýunça 80 müň arzadan 30%-i ýakyn daşary ýurtlardan gelip gowuşypdyr.

GDA-dan, şol sandan Türkmenistandan baran mekdep okuwçylary Russiýada, esasan, lukmançylyk hünärlerini ele almaga çalyşýarlar, diýip agentligiň metbugat gullugy habar berýär. Aralyk kabul ediş kampaniýasy has köp isleg bildirilýän üçlüge bejeriş işi, ykdysadyýet we stomatologiýa giripdir.