YKDYSADYÝET

Himiýa zawodynda fosforly dökünleriň 102 müň tonnadan gowragy öndürildi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda fosforly mineral dökünleri öndürmekde geçen ýylyň degişli döwrüne görä 112 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Şu ýylyň geçen bäş aýynda kärhana boýunça fosforly mineral dökünleriň 102 müň 600 tonnasy öndürilip, iş meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi. Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 40 million 839 müň manatlyga deň boldy.

Fosforly mineral dökünleriň ýeterli derejede öndürilmegi oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: