TÜRKMENISTAN HABARLARY

Şu ýyl Lebapda 47,4 müň tonna şaly almak meýilleşdirilýär

Şu ýyl Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, şunça ýerden 47 müň 400 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Bu barada geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şol gün gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurt boýunça 18 müň 300 gektar ýerden 82 müň 400 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şaly şu ýyl hem diňe Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ekiler. Şunda Daşoguz welaýatyna düşýän paý 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna hasyldyr.
Ýeri gelende aýtsak, şaly şu ýyl hem gündogar sebitiň ähli etraplarynda ekiler.
Şunuň bilen baglylykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen şaly öndürijileriň arasynda şertnamalar baglaşylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply