DÜNÝÄDÄKI HABARLARYLYM WE TEHNIKA

Bu smartfonda aýy surata düşürip bolar

Asman jisimlerini ýa-da gijeki asmany surata düşürmek üçin aýratyn gurluşyň bolmagy smartfonlar üçin täzelik däl. Ýöne «ZTE Axon 30 Ultra» bu wezipäni täze derejelere çykarar, diýip, «mail.ru» ýazýar.
Smartfonda üç sany esasy kamera bolar. Olaryň biri 64 megapikselli giň burçy, beýlekisi 64 megapikselli has giň burçy surata alyp bilýän, üçünjisi bolsa portret almak üçin niýetlenen 64 megapikselli obýektiwlerdir. Bulardan başga-da, onda aralygy 5 esse ýakynlaşdyryp bilýän optiki zumly 8 megapikselli periskopik obýektiw hem oturdylar.
Onda 120 Gs ýygylykda täzelenýän we degmegiň diskretizasiýasynyň ýygylygy 360 Gs barabar bolan 6,92 dýumli OLED-ekran oturdylar diýlip çaklanylýar. Şonuň ýaly-da, «ZTE Axon 30 Pro» и «Ultra» seriýaly täze smartfonlaryň ekranynyň aşagynda aýdyňlaşdyryş mümkinçiligi 44 megapiksele barabar kameranyň oturdyljakdygy mälim boldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply