Moskwaly okuwçy gyz sekiz ýaşynda 11-nji synpy tamamlandygy barada attestat aldy
Moskwada ýaşaýan Alisa Teplýakowa atly sekiz ýaşly gyz bitewi döwlet synaglaryny tabşyrdy we 11-nji synpy tamamlandygy barada attestat aldy. Bu barada «Лента.ру» agentligine salgylanmak bilen «mail.ru» ýazýar. Gyzjagaz 25-nji iýunda 626-njy mekdepde attestat aldy («Лента.ру»-da bu barada resminama bar). Ol ýedi ýaşynda 9-njy synpy tamamlandygy barada attestat aldy, şondan soň 11-nji synpyň dersleri boýunça synag tabşyrdy. Ýöne tehniki sebäplere görä, degişli resminamalary şondan bir ýyl soň aldy. Alisa Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň psihologiýa fakultetine okuwa girmegi meýilleşdirýär, ýöne ekologiýa we bioinformatika bilen baglanyşykly başga wariantlary hem göz öňünde tutýar. Ýokary okuw jaýynda giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran ýagdaýynda onuň okuwa kabul ediljekdigini habar berdiler. Ozal Alisa iň ýaş üçünji synp okuwçysy, iň ýaş 9-njy synpy tamamlan we 11 synpyň maksatnamasyny özleşdiren iň ýaş okuwçy hökmünde hasaba alnypdy. Onuň maşgalasynda ýedi çaga bar. Alisanyň ýene bir gyz dogany Russiýada iň ýaş mekdep okuwçysy hasap edilýär, ýedi ýaşly erkek dogany Heýmdall bolsa 9-njy synpy tamamlandygy barada attestat aldy