Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Lebap welaýatynda «COVID-19» ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymy dowam edýär

Jul 14, 2021

Şu günler Lebap welaýatynyň saglygy goraýyş edaralarynda «COVID-19» ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymy dowam edýär. Bu iş ylmy taýdan esaslandyrylan meýilnama laýyklykda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilelikde işläp düzen meýilnamasynyň esasynda alnyp barylýar. Oňa ilaty doly derejede çekmek göz öňünde tutulýar. Sanjyma lukmanyň garşy görkezmesi bolmadyk 18 we ondan uly ýaşly ähli raýatlar işjeň gatnaşýarlar. Sanjym alan adamlaryň ýörite sanly hasabaty ýöredilýär. Türkmenistanda, şol sanda Lebap welaýatynda «COVID-19» ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gerekli gory döredildi. Raýatlaryň arasynda ýokanç keselleriniň öňüni almagyň ýollary, öňüni alyş sanjymynyň peýdasy barada düşündiriş işleri geçirilýär.