JEMGYÝET

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaryş geçirildi

 «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde kiçi futbol, woleýbol we basketbol boýunça ýaryşlar geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň Lebap welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guran bäsleşigine merkezde dynç alýan çagalardan düzülen «Agzybirlik», «Bitaraplyk», «Bürgütler», «Dostluk», «Güneş», «Joşgun», «Sagdynlyk» we «Älemgoşar» ýaly toparlar gatnaşdylar.

Kiçi futbol boýunça geçirlen bäsleşikde «Bitaraplyk» topary birinji, «Agzybirlik» topary ikinji we «Sagdynlyk» topary üçünji orunlary eýelediler.

«Bitaraplyk» topary woleýboly hem gowy oýnaýandyklaryny subut etdiler we birinji orna mynasyp boldular. «Agzybirlik» topary bolsa ikinji orun bilen ylalaşmaly boldy. «Bürgütler» topary bolsa üçünji orny eýeledi.

Basketbol  boýunça ýaryşa bolsa gyzlar gatnaşdylar. Onda «Güneş» topary birinji, «Älemgoşar» topary ikinji we «Joşgun» topary orunlary eýelediler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan degişli Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: