DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Mörjewler nebiti dargadyp bilerler

Labrador (Arktika) ýarym adasynyň kenarynda ýaşaýan mörjewler nebit we dizel ýangyjy bilen hapalanan suwda ýaşap, şonuň ýaly-da ýangyjy dargadyp bilýärler, diýip «Российская газета» ýazýar. Käbir mörjewlerde, mysal üçin, «Paraperlucidibaca» we «Cycloclasticus Zhongshania» mörjewlerinde şeýle garaşylmadyk ukyplar ýüze çykaryldy. Barlagda çüýşäniň içinde deňiziň düýbünden alnan hapa we emeli deňiz suwy, şonuň ýaly-da, dizel ýangyjy hem-de çig nebit we dürli konsentrasiýadaky iýmit maddalary bilen garyşdyryp, nebitiň dökülenini modelirlediler. Iýmit maddalary «gaýtadan işlemegi» çaltlaşdyrar ýaly, mikroorganizmleri iýmitlendirmek üçin gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: