DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýarym asyrda ilkinji gezek satuwa çykaryldy

Ženewada geçirilen «Christie’s» bäsleşikli söwdasynda gaty seýrek duş gelýän gök göwher 40 million dollardan (32 million funt)gowraga satyldy diýip, «Kazinform» gullugy BBC-e salgylanyp habar berýär.

«Bleu Royal» diýlip atlandyrylýan 17,61 karatlyk armut görnüşli göwher 43,8 million dollara satyldy. Mälim bolşy ýaly, «Bleu Royal» 50 ýylyň içinde ilkinji gezek satuwa çykarylýar.
«Christie’s»-iň maglumatlaryna görä, soňky 250 ýylda agramy 10 karatdan gowrak bolan bary-ýogy üç sany gök göwher satuwa çykaryldy: 2010, 2014 we 2016-njy ýyllarda.

2016-njy ýylda 14,62 karatlyk Oppenheimer Blue göwheri 57 million dollardan gowraga satyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: