DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Müsüriň çöllüginde üç müň ýyl gowrak ozal gurlan şäher tapdylar

«ТАСС»-yň habar bermegine görä, arheologlar Müsüriň günortasyndaky çägelikde ýitip giden, ýaşy 3,4 müň ýyla barabar şäheri tapdylar. Onuň esasynyň goýulmagyny Amenhotep III bilen baglanyşdyrýarlar.
Şäheri esaslandyran faraon Amenhotep III biziň eramyzdan ozalky XIV asyrda (takmynan b.e.ö 1388—1351 ýyllar) ýaşapdyr. Şäher ol dünýäden ötenden soň hem Tutanhamon höküm sürýänçä (b.e.ö 1332—1323 ýyllar töweregi) gülläpdir. «”Atonyň Arşa çykarylyşy” diýlip atlandyrylan ilatly ýer Niliň günbatar kenaryndaky Luksorda iri administratiw we senagat şäheri bolupdyr — diýip, ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Zahi Hawass belledi. — Eýýäm şol wagtlar şäher köçelere bölünipdir, jaýlaryň beýikligi bolsa üç metre ýetipdir».
Onuň aýtmagyna görä, arheologiki gatlaklara müňýyllyklaryň dowamynda el degirilmändir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply