YLYM WE TEHNIKA

«Redmi 10»-niň häsiýetleri mälim

«Xiaomi» ýalňyşyp, bellenilen möhletinden on gün öň maglumat ýerleşdirdi, diýip «mail.ru» habar berýär.

«Redmi 10» baradaky maglumatlar çarşenbe güni, ýagny, 18-nji awgustda beriljekdi. Ýöne bolan iş boldy boýar-da.

«Xiaomi»-niň berýän maglumatlaryna görä, «Redmi 10» FHD+ aýdyňlaşdyryjyly we 90 gs üýtgäp durýan täzeleniş ýygylykly  6,5 dýumlik displeý bilen üpjün ediler. Bu smatrfonuň ekrandaky kontente baglylykda täzeleniş ýygylygyny üýtgedip durjakdygyny aňladýar.

Smartfon 5000 mAç akkumulýator bilen üpjün edilen, çalt zarýad bermek üçin 18,8 Wt  kuwwatly goldawy bar. Çeşmäniň habar bermegine görä, «Redmi 10»-niň 22,5 Wt zarýad berýän enjamy bolar.

Onda «MediaTek»-den 6 Gb operatiw ýatly we 128 GB oturdylan ýatly bir kristally «Helio G88» ulgamy oturdylan. Dördünji kamera smartfonuň arka tarapyna bezeg berýär we 50 Mp esasy datçigi, 8 Mp giň burçly datçigi, we hersi 2 Mb makro we çuňlugy surata düşürýän datçikleri bar. Frontal kamerasynyň 8 Mp aýdyňlaşdyryjysy bar, ekranda azajyk ýeri kesilen.

Enjam barmaklaryň yzynyň gapdal skaneri bilen üpjün edilen.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: