BILIM

«Türkmen tranzit» kompaniýasy «ТТ Bilim» bilim-öwreniş gollanmasyny goýberdi

«Türkmen tranzit» kompaniýasy onlaýn-goşundy hökmünde dolulygyna mugt «ТТ Bilim» bilim-öwreniş platformasyny goýberdi, diýip «turkmenportal» ýazýar.

Bu ýerde peýdalanyjylar birki çakylyk bilen bu platforma beýleki gatnaşyjylar bilen bilimlerini alşyp bilerler.

«ТТ Bilim»-de dürli peýdaly maglumatlar, tanyşdyryşlar, türkmen dilinde dürli temalarda ýazylan kitaplar bar, şonuň ýaly-da bu ýerde peýdaly maglumatlary (kodeksleri, kanunlary), kazyýet tejribesini, maslahatlary, hukuk, maliýe, ykdysadyýet, buhgalteriýa hasabaty we  ýene-de onlarça dersler boýunça häzriki zaman okuw kitaplaryny tapmak bolar. Gollanma talyplar üçin hem peýdalydyr. Ýagny, bu maglumatlar bilen okamak, sessiýalara taýýarlanmak, kurs we diplom işlerini ýazmak aňsat düşer. Mundan başga-da, platformanyň çeşmelerinden mugallymlar, halypalar, maslahatçylar peýdalanyp bilerler. Bu ýerde islendik ders we islendik tema boýunça materiallar tapylar. Şonuň ýaly-da, bu platforma WEB görnüşinde hem elýeter.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: