BIZE YAZYARLAR

Miweleriň ähmiýeti

Lukmançylyga degişli gündogar alymlarynyň ýazan kitaplary ösen saglygy goraýyş ulgamynda hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Gündogaryň meşhur alymy Ýazyjyogly Ahmet Bijanyň ”Ajaýyplyklaryň söhbeti” atly kitabynda saglyk üçin peýdaly datly miweleriň ähmiýeti beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ”Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda Türkmenistandaky ýabany ösümlikleriň 2000-e golaýynyň dermanlyk ösümliklerdigi bellenilýär. Şolaryň 40-a golaýynyň lukmançylykda derman taýýarlamakda ulaynlýanlygy aýratyn nygtalýar. Şu maglumatlary okap Ahmet Bijanyň ady agzalan eseriniň ähmiýetiniň uludygyna göz ýetirmek bolýar. Gadym döwürlerde ýazytlan bu eser türkmen alymlary tarapyndan ylmy taýdan öwrenildi. 

Alma agajy hakda Ahmet Bijan şeýle diýýär: ”Alma agajynyň ýapragynyň suwuny awy içene ýa – da ýylan we içýan çakana içirseler ol şypa tapar”. Görnüşi ýaly Ahmet Bijan bolsa ol almanyň dermanlyk häsýeti hakynda söz açypdyr. Diýmek, alym dermanlyk häsiýetini düşündirmek bilen bu agajyň köpeldilmegini goralmagyny we peýdalanylmagyny ündäpdir.

Ýazyjyogly injiriň peýdasy ony ulanmagyň tärleri täsiri hakda alma agajyna seredeniňde az kem giňişleýin maglumat beripdir. “Eger injir suwuny çüýrän dişe çalsalar dişe peýdaly bolar”, “Injir agajynyň pyntygyny ekin meýdanyna sepseler ol ýerdäki ähli gurtlar gyrlar”,     ”Bir kişini it ýarsa oňa injir ýapragyny bermeli”. ”Syrkaw kişä injir hoş ýakar”,  “ Injiri köp iýýän adamyň ýüzi nurly bolar”. Ahmet Bijanyň berýän maglumatlary lukmançylykda ulanylmaga durmuşda peýdalanylýan usullardyr. Injiriň dermanlyk ösümlikdigi sebäpli ony ýetişdirmek we ondan bol hasyl almak boýunça bagbanlar ylmyň gazananlaryny  hem netijeli peýdalanýarlar.

Ahmet Bijan nar agajynyň ähmiýeti baradada şu sözleri aýdyp geçipdir. “Nar  agajyny bir ýerde goýsalar ol ýerdäki mör möjekler gider. “ Bu usulyň häzirlerem ulanylýan ýerlerine gabat gelmek bolýar. Hatda nar agajynyň ýapraklaryny hem ýüňden tikilen başgaplary ýagny telpekleri güýeden goramak üçin ähmiýetlidir.  Naryň ýapragynyň mör möjekleriň halamaýan ysyny bölüp çykarýanlygy ata babalarymyz hem “ Naryň gabygyny bugdaýyň ýa – da arpanyň arasynda guýsaň oňa gurt düşmez diýip aýdyp geçipdirler.  Naryň gany arassalamak we az ganlylygy kadalaşdyrmak ukybynyň barlygy hakdada ata – babalarymyz köp aýtgylary galdyrypdyrypdyrlar.

Serwi agajynyňam mör – möjeklere garşy ulanylýandygy   Ahmet Bijanyň “ Bir öýde siňek köpelse sewi agajyndan birazyny ýaksaň  siňekler gyrlar diýen sözleri hem tassyklaýar. ”Naryň gabygyny bugdaýyň ýa-da arpanyň arasynda goýsaň gurt düşmeýär. Alym beýiniň miwesiniň aşgazany gowy işledýänl;igibi, gülüniň rahatlyk berýänligini tekrarlaýar.

Dünýägözel Haýtekowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: