YKDYSADYÝET

Türkmenistanly telekeçi ýodlaşdyrylan nahar duzuny öndürýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meret Meredowyň hususy kärhanasynda «Datmeni» haryt nyşanly ýodlaşdyrylan ýokary hilli duzlar iri, ownuk hem-de has ownuk görnüşinde taýýarlanylýar.

Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu kärhananyň sehlerinde kokosly we künjüli owranýan kökeler, owranýan köke, marmelad, krem şanti, şeker tozy, kakao ýaly datly önümler öndürilýär. Erik, böwürslen, garaly, injir, gawun, ülje, ýertudana mürepbeleri, miwe şerbetleriniň 10-dan gowrak görnüşi öndürilip, «Datmeni» haryt nyşany bilen ilata ýetirilýär.

Kärhananyň däneli önümlerini gaplaýan sehinde mäş, noýba, günebakar çigidi, mekgejöwen däneleri, tüwi, mele tüwi, merjimek ýaly önümler hem arassalanylýar we gaplara gaplanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: