YKDYSADYÝET

«Tejen» ösümlik ýag kärhanasynda meýilnama 184 göterimden gowrak ýerine ýetirildi

«Tejen» ösümlik ýag kärhanasynyň işçidir hünärmenleriniň üstümizdäki ýyly oňat görkezijilere beslemek ugrundaky tutanýerli zähmeti ýerine düşýär. Ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümi bolan ýokary hilli ösümlik ýagynyň üpjünçiligine saldamly goşant goşýan bu kärhanada ýylyň geçen dört aýynda gazanylan iş görkezijileri şeýle diýmäge esas berýär.

Kärhanada şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 6 million 109 müň manatlyga golaý önüm öndürilip, meýilnama 184 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Bu ýerde gowaça çigidiniň ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenmeginiň esasynda öndürilen ekologik taýdan arassa ösümlik ýagy ilat arasynda uly islege eýe bolup, önümler alyjylara söwda nokatlary arkaly amatly nyrhlardan bökdençsiz ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: