BIZE YAZYARLAR

Milli ykdysadyýetiň ösüşinde täze innowasion tapgyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi bolan maliýe we ykdysadyýet ulgamynda hem durnukly ösüşi üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysady işjeňligini kämilleşdirmek we innowasion sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen ilata ýokary hilli täze hyzmatlary hödürlemek ýaly möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi täze ösüşler bilen dowam edýär. Sanly ykdysadyýete geçmeklik dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen aýakdaş gitmeklige ýol açýar. Sanlylaşdyrmak täze harytlaryň we hyzmatlaryň peýda bolmagyna getirýär. Sanly bank hyzmatlarynyň üsti bilen bank işjeňligi has-da ýokarlandyrylýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artdyrylýar. Karzlaryň täze amatly görnüşleri döredilýär. Häzirki wagtda raýatlar tarapyndan karz almak üçin ýüztutmalary «online» görnüşinde kabul etmeklik hem ýola goýuldy.

Halk hojalyk toplumynyň durnukly ösmegi Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine tapgyrma-tapgyr geçmegini üpjün edýär. Ýurdumyzda esasy makroykdysady görkezijiler durnukly derejede saklanýar. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilip, bank ulgamyna innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu pudagyň sanly ulgama geçirilmegi onuň düzüminiň, önümleriniň hem-de döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak arkaly müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak boýunça işleri ýeňilleşdirmek, raýatlaryň amatlylygy hem-de elektron hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Döwlet hyzmatlarynyň bitewi portaly (e.gov.tm) döredildi, şonda ähli türkmen banklarynyň, döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň saýtlary ýerleşdirildi. Bu ýerde ministrlikleri we edaralary sanly ulgama hem-de interaktiw görnüşe geçirmegiň anyk beýany görkezilýär.

Ykjam internet tehnologiýalarynyň ösmegi hem-de smartfonlaryň iş wezipeleriniň artmagy bilen, ykjam goşundylar amatly we netijeli gurala öwrülip, olary ulanýanlar öz hasabyny barlamak, geçirilen amallary görmek, pul geçirilmegini amala aşyrmak we hyzmatlar üçin tölemek, karz almak ýa-da üzmek, satyn almak, ätiýaçlandyrmak işlerini geçirmek üçin ulgama her gün birnäçe gezek girip çykýarlar. Terminallaryň üsti bilen bank kartlary arkaly söwda hem-de hyzmat merkezlerinde satyn alnan harytlar we hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik togy), Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň degişli hyzmatlary, şol sanda ulag serişdelerini hasaba goýmak, tehniki pasport almak, tehniki gözegçilikden geçirmek, awtomobil döwlet belgilerini, sürüjilik şahadatnamasyny almak, ulagy dolandyrmak boýunça synag üçin tölegler geçirilýär. Umuman aýdanymyzda, innowasion sanly tehnologiýalar durmuşymyzda uly ýeňilliklere ýol açýar.  

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaga, okamaga, zähmet çekmäge döredip berýän çäksiz mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, ata Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Jamilýa Kambarowa,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta-hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: