BIZE YAZYARLAR

Aýdymçynyň sesi tebigatyň peşgeşi

Aýdym-saz adamlaryň göwün syrdaşy. Saz gurallaryna goşulyp, owazly ýaňlanýan aýdymlar diňleýjilere ruhy lezzet paýlaýar. Köp adamlara tebigatyň özi hoş owazdan paý beripdir. Şonuň üçinem zehinli aýdymçylar öz seslerini timarlamaly bolýanlaryň arasynda uly artykmaçlyga eýedir.  Tebigatyň zehinli kişilere sowgat eden sesini ösdürmek üçin aýdym mugallymy juda inçelikden ugur alýar. Sesiň birden uly sesleri alyp, özüne zor salanda ýokarky sesleriň ýitip gitmegi ahmal. Şonuň üçin  mugallym orta gürpde işlemegi, ses gözelliginiň kämilleşdirmegi endik edýär.

Aýdym öwrenmek üçin sözleýiş medeniýetine hem uly üns bermeli bolýar. Sözüň äheňi, manysy, dil maşklary, çeperçiligi, ýitiligi, düşnükli bolmaklygy üçin ýörite gönükmeleriň üstünde yzygiderli işlenilýär. Sesiň tehniki tarapyny we çeýeligini ösdürmek, çalasynlygyny berkitmek üçin gowy manyly-mazmunly goşgular owaza häsiýet bermäge ýardam edýär. Çünki uly göwrümli eserlerde sözi  çalt ile ýetirmeli, owaza çalasynlyk berip, belli jümleleri gyssagly aýtmaly ýerler bolýar. Bellenilen maşklar ýere dökün berlen ýaly iýmitlendirip durýar. Owazy taplamak üçin hemme bogunlary ýapyk agyzdaky ýörite gönükmeler işlenilýär.

Her bir kompozitoryň nota ýazgysyny inçelik bilen öwrenip, olaryň nähili sesli aýdymça niýetlenendigini kesgitlemek edil iňňe bilen guýy gazan ýaly inçe zähmeti talap edýär. Aýdym-saz ugrundan halypa hünärmenler meşhur kompozitorlar Nury Halmämmedowyň, Weli Muhadowyň, Weli Ahmedowyň, Daňatar Hydyrowyň, Baýram Hudaýnazarowyň, Aman Agajykowyň, Daňatar Öwezowyň, Rejep Rejepowyň döreden aýdymlarynyň haýsy seslere niýetlenendigini usuly taýdan işläp taýýarlaýar. Haýsy harpa nähli basym berip, owazlary nagyşlandyrmagy ilik-düwme edip düşündirip bilýän halypa mugallymyň şägirtleriniň aýdýan aýdymlary hiç haçan könelmeýär.

Şahlo Babaýewa,

Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: