BIZE YAZYARLAR

Ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklary

   Tebigatymyzyň ajaýyp bezegi bolan gülleriň ösdürilip ýetişdirilişinde hem adamzadyň zähmeti ýatyr. Şol zähmet çekip ýetişdirlen ajaýyp güller hem öz gezeginde adamzada çäksiz ruhy lezzet paýlaýar. Adamzat üçin öz eli bilen döreden gözelligini görüp guwanmak uly bagtdyr. Köçelerde, ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň öňlerinde ekilen al-elwan öwsüp oturan gülleri gören her bir adamyň göwni göterilýär. Ýadawlygy aýrylyp, ruhy dünýäsine röwşenlik çaýylýar. Şol sebäpden adamlar gülleri diňe bir meýdanlarda ýetişdirmän, öýlerinde, otag şertlerinde ýetişdirmekligi hem  ussatlyk bilen başarypdyrlar.  Dürli hili otag gülleri diňe bir öýümize bezeg bermän, eýsem, biziň saglygymyz üçin hem alada edýär. Otag gülleri howany çyglandyryp, ony zyýanly zatlardan arassalap, adamlaryň jaýda gowy işlemekleri üçin amatly şertler döredýär. Otag ösümliklerini saýlanyňyzda olaryň has peýdalysyny saýlamagy başarmaly. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, köçedäki howa bilen deňeşdirilende otaglarda zyýanly howa 1,5-4 esse köpdür. Elbetde, otag gülleri hem ony doly derejede arassalap bilmeýär. Muňa garamazdan, olar howanyň çyglylygyny artdyryp, zyýanly zatlaryň täsirini azaldyp bilerler. Otag gülleri kislorod çykarmak bilen howany ionlar bilen baýlaşdyrýar. Ýeňil otrisatel ionlar, az hapalanan howada biziň bedenimiz üçin uly işleri alyp barýarlar. Olar biziň dem alyş ýollarymyzdaky gönükdirijileriň (fermentleriň) işleýşini we madda çalşygyny çaltlandyrýar, gan aýlanyşynyň deňagramlylygyny saklamaga ýardam berýär, bedenimiziň kesele garşy durnuklylygyny güýçlendirýär, arterial basyşyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar.

    Bulardan başga-da, howanyň guraklygy sebäpli döreýän dümewiň we beýleki ýiti ýokanç sowuklama keselleriniň hem öňüni alýar. Gurak howada kesel dörediji mikroorganizmler we wiruslar çalt köpelip, adamlaryň näsaglygynyň döremegine sebäp bolýar. Howanyň gurak bolmazlygy üçin otag güllerini köpräk ösdürip ýetişdirmeli. On metr meýdanda 1 otag ösümligini goýmak ýeterlikdir. Şeýle hem otag güllerine ideg etmek  adamda ýakymly duýgylary döredýär.

Atageldiýewa Solmaz

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: