BIZE YAZYARLAR

Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň mekany

Bagtyýar çagalygyň mekany hasaplanýan Garaşsyz Türkmenistanda ýaş nesil baradaky aladanyň yzy üzülmeýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir tutumda, döwletli işde gözleriň guwanjy bolan körpeleriň bagtyýarlygyny we şadyýanlygyny gazanmak ugrundaky tagallalary görmek bolýar. Körpeleriň tomusky dynç alşynyň hem täsirli we peýdaly bolmagyny gazanmak maksady bilen hem eziz Watanymyzda toplumlaýyn çäreler işlenilip düzülendir we olara üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu günler ajaýyp Gökdere jülgesindäki, owazasy dünýä dolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminde körpeleriň köpsanlysy wagtlaryny şadyýan geçirmekleriň hem bu sapaly möwsümiň hözirini görýän çagalara ýatdan çykmajak günleri bagyş edýär. Çagalar dynç alyş merkezlerinde bilim edaralary we syýasy jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmeklerine, oňat dynç almaklaryna gönükdirilen işleriň talabalaýyk guralmagy olaryň kadaly ösmeklerini, kämil ynsanlar bolup ýetişmegini üpjün eder. Dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän bu döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dürli guramaçylyk çäreler wagtlaryny netijeli geçirýän körpelerimiziň täze okuw ýylyna täze ruh, täze joşgun we döredijilik başlangyçlary bilen barmaklaryna ýardam eder.

Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň röwşen geljegini gurmak maksady bilen Türkmenistan eýýäm köp ýyllardan bäri ÝUNISEF bilen hem ýakyndan we netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň bu düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösüp gelýän nesliň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmekde bilelikdäki maksatnamalary, strategiýalary we meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder. Türkmenistanda hossarsyz galan çagalar hem aýratyn alada bilen gurşalandyr. Döwletimiz olar baradaky aladany öz üstüne almak bilen, çagalaryň uly we agzybir maşgala eýe bolmagy, özlerini bu maşgalanyň, jemgyýetimiziň doly hukukly agzalary hökmünde duýmaklary üçin ähli zerur şertleri üpjün edýär.

Ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada mundan beýläk-de dürli syýasy we jemgyýetçilik çäreleri arkaly üstünlikli dowam eder. Çünki «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, çagalary okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işi geljekde has-da kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeleriň kesgitlenendir. 

 Rahyma Bazarowa,

Çärjew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: