BIZE YAZYARLAR

Milli oýunlar boýunça ýaryşlar geçirildi

Ýakynda Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi  TMÝG-niň etrap  Geňeşi we  Kerki etrap bilim bölümi  bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli etrabyň 8 ― 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda türkmen milli oýunlarynyň «Düzzüm»,  «Içýanagyz»,  «Aşyratdy»,  «Gurttutdy»  görnüşleri boýunça etrap birinjiligini almak ugrunda geçirilýän ýaryşyň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaryşda TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrap bilim bölüminiň hünärmeni N.Astanow, Kerki etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy J.Hümmedow dagylar eminlik etdiler.

Ýeňiji bolan oglan-gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşi we  etrabyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Myratgeli  Baýramow.

Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: