JEMGYÝET

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň gaznasynyň üsti daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar bilen ýetirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň düzümine girýän daşary ýurt dillerindäki edebiýat bölüminiň gaznasynyň üsti iňlis dilinde terjime edilen Diýarymyzyň kitap önümleriniň neşirleri bilen ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Täze edebiýatlaryň hatarynda Arkadagymyzyň işleri – «The Bright Path to Prosperity», «Medicinal Plants of Turkmenistan XIII volume», «The 15th summit of the economic cooperation organization» diýen neşir hem-de «Interviews given by the President of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov» to the international mass media» atlyçykyşlaryň ýygyndysy bar.

Şeýle hem häzirki wagt kitaphananyň daşary ýurt bölüminde türk dilindäki kitaplaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şol kitaplar Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan sowgat berildi.

Daşary ýurt dilleri bölümi 1956-njy ýyldan bäri Döwlet kitaphanasynyň düzümine girýär. Onuň gaznasynda dünýäniň 50-den gowrak — iňlis, nemes, arap, fransuz, türk, hytaý, ýapon, pars, urdu, puştu, iwrit, esperanto dillerindäki kitaplar saklanylýar. Şolar bilen birlikde, seýrek duşýan Aziýa dillerine degişli eserler hem-de ençeme beýlekiler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: