Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giň gerim alan taryhy özgertmeleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Ýurduň daýanjy ýaşlar» atly maslahat geçirildi.
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa, TGÝMJ-niň Kerki etrap şahamçasynyň wekili Ýakut Ýoldaşowa, Kerki etrabynyň ýaşaýjysy, hajy ene Aýnabat Jumaýewa we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa maslahaty açmak bilen , hormatly Prezidentimizi Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasynda eden çuň manyly çykyşy barada giňişleýin aýdyp geçdi. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, ilatyň dürli gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işleri dowam etdirmek babatdaky aýdanlaryna aýratyn üns berildi.
Maslahatda etrabyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň netijeliligini gazanmak boýunça anyk wezipeler kesgitlendi.Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Oýdin AŞIROWA,
TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.