BIZE YAZYARLAR

Meşhur film 3D ölçegde gaýdyp geler

Gazanan Oskarlary, täsirli sahnalary, näçe gezek tomaşa etseň hem ganyp bolmaýşy bilen hakydalarda hemişelik galan «Titanik» filmi geljek aýda «ikinji gezek dünýä iner».

Bu barada «Independent» neşiri habar berýär.

Neşiriň habar bermegine görä, meşhur režissýor Jeýms Kameronyň bu meşhur filmi şu ýylyň fewral aýynda 3D 4K HDR formatynda ekranlara täzeden gaýdyp geler.

Maglumat berilmegine görä, täze görnüşdäki format filmiň döredilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanýar. Şeýlelikde, indi tomaşaçylar özüni dartgynly wakalaryň jümmüşinde ýaly duýmaga mümkinçilik alarlar.

Täze kartina häzirki wagtda «Paramount Pictures Studio» tarapyndan 3D 4K HDR formatda kadrlaryň tizliginiň çaltlanmagy bilen gaýtadan işlenýär.

1997-nji ýylda ekranlara çykan «Titanik» filminde baş keşplero Lenardo di Kaprio bilen Keýt Winslet janlandyrypdy. 3D ölçegdäki «Titanigiň» dünýä jemgyýetçiliginde görkezilip başlanmagyndan gysga möhlet soňra Türkmenistana hem gelmegine garaşylýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki kinoteatrlaryň käbirinde bu ölçegdäki filmleri görkezmek üçin mümkinçilikler döredildi.

Musajan ARSLANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: