MEDENIÝET

Meşhur käsede saz çalýanlar topary 15 ýaşady

Çärjew etrabynyň Farap şäher çagalar sungat mekdebinde döredilen «Merjen mukamlar» sazandalar topary şu ýyl 15 ýaşady. Bu toparyň aýratynlygy sazlary käsede çalýandygyndadyr.

Mekdebiň müdiri Ýoldaş Bazarowyň ýolbaşçylygyndaky topar özüniň 15-nji ýaşyny täze mukamlaryň üçüsine besledi. Olaryň ikisi ― «Ýaş toýy» bilen «Bagtyýar ýaşlar» eýýäm diňleýjilere ýetirildi. «Pyragy» bolsa ilkinji gezek Çagalary goramagyň halkara gününde ýaňlanar.

Topar mundan 15 ýyl ozal ― 2008-nji ýylda mekdepde ksilofon saz guraly boýunça ýörite hünäri döretmek baradaky başlangyç bilen bagly döredi. Köpleriň elçarpyşmalaryny gazanan «Merjen mukamlar» döwrüň sesi bolup ýaňlanýar. Şeýle bolansoň, bu mukamlary diňläp ganyp bolanok.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: