BILIM

Lebaply ýaşlar Rumyniýada talyp hakly okap biler

Rumyniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýokary bilimi daşary ýurtlarda almak isleýän türkmen ýaşlaryny, şol sanda Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryny hem geljek okuw ýylyndan başlap, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly okamaga çagyrýar.

«2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap Türkmenistan we Rumyniýa ikitaraplaýyn esasda berilýän talyp haklarynyň mukdaryny artdyrdylar» diýip, ilçihananyň metbugat gullugy ýazýar.

Mundan beýläk türkmenistanly ýaşlaryň 50-si bakalawr, ýene 50-si magistr maksatnamalary we 5 talyp doktorant hökmünde okap biler. Talyp hakly şu 105 orun üçin türkmenistanly ýaşlaryň islendik biri dalaş edip biler.

Berilýän talyp haklarynyň sanynyň artdyrylmagy Türkmenistanyň we Rumyniýanyň ugurdaş ministrlikleriniň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlygyň täze Maksatnamasy tarapyndan göz öňünde tutulandyr. Resminama Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal we Türkmenistanyň Bilim ministri Gurbangül Ataýewa 26-njy maýda Aşgabatda gol çekdiler.

Iki ýurduň hem raýatlaryndan talyp haklaryny almak üçin ýüz tutmalary kabul etmäge Türkmenistanyň we Rumyniýanyň bilim ministrlikleri ygtyýarlandyrylandyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: