Türkmenabat şäherinde ders bäsleşikleriniň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatyň etraplaryndan we Türkmenabat şäherinde geçirilen bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan onunjy we on birinji synp okuwçylarynyň 920-den gowragy gatnaşdy.
Olar orta mekdeplerde geçilýän dersleriň on görnüşi boýunça öz bilimlerini, özbaşdak pikirlenmek, netije çykarmak, gelen netijelerini subut etmek ukyplaryny görkezdiler. Oglanlar we gyzlar berlen çylşyrymly ýumuşlaryň çözgütlerini tapmaga, dilden berlen soraglara dogry jogap bermäge çalyşdylar.
Türkmenabat şäheriniň orta mekdeplerini okuwçylary ders bäsleşigine has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Olaryň 56-sy birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Dänew etrabynyň okuwçylary 12 baýrakly orny eýelediler. Kerki we Halaç etraplaryndan gelen okuwçylar hem gowy netijeleri görkezdiler. Bu etraplaryň hersinden 8 okuwçy birinji üçlüge düşmegi başardy.
Birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän okuwçylar ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.