DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Oskaryň» 96-njy baýrak gowşurylyş dabarasynyň haçan geçiriljekdigi belli boldy

Amerikanyň Kinofilm sungat we ylymlar akademiýasy «Oskar» baýragynyň 96-njy baýrak gowşurylyş dabarasynyň haçan geçiriljekdigini habar berdi. Dabara 2024-nji ýylyň 10-njy martynda meýilleşdirilýär.

Baýrak almak üçin dalaşgär hökmünde taslamalar ýa-da döredijiler 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli hödürlenip bilner. Olaryň sanawy 11-nji dekabrda, dalaşgärleriň sanawy bolsa 23-nji ýanwarda resmi taýdan yglan ediler.

95-nji «Oskar» baýragyny gowşurylyş dabarasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilendigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: