BILIM

Türkmenabatly okuwçy dünýä bäsleşiklerine gatnaşýar

 Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Maral Berdimyradowa dünýäniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça iňlis dilinde guralýan FISO halkara internet olimpiadasynda we UNIPO halkara taslama bäsleşiginde ýokary görkezijilere eýe boldy.

 Maral iki ýyldan bäri biologiýa dersi boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda birinji orny eýeläp gelýär.

 Ýaňy-ýakynda bolsa ol bäsleşigiň döwlet tapgyrynda hem 3-nji baýrakly orna mynasyp boldy. Maral üstümizdäki ýylda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilen ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşigiň welaýat tapgyrynda-da öz taýýarlan taslama işi bilen üçünji orna mynasyp boldy.

 Şeýle hem ol geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda biologiýa boýunça geçirilen ders bäsleşiginde hem birinji orny eýeledi. Maral daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň guraýan onlaýn olimpiadalaryna hem yzygiderli gatnaşýar. Ol geçen ýylda şeýle bäsleşikleriň üçüsinde ýokary netijeleri görkezip, ýörite diplomlara mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: