Erkin göreş boýunça Lebap welaýatynyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde Lebap welaýatynyň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryş tamamlandy. Oňa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Dänew, Saýat we Farap etraplarynda 71 türgen gatnaşdy.

Türkmenabat şäheriniň pälwanlarynyň 3-si birinji, 8-si ikinji we  7-si üçünji orunlary eýelediler. Netijede şäheriň topary birinji orna we welaýatyň Kubogyna mynasyp boldy. Dänew etrabynyň pälwanlarynyň 3-si birinji, 2-si ikinji we 1-si üçünji orunlary eýelediler we toparyny ikinji oran çykardylar. Üçünji orny 3 sany birinji, 5 sany ikinji we şonça üçünji orun bilen Saýat etrabynyň topary eýeledi.

Ýaryşda Türkmenabat şäherinden 27, Dänew etrabyndan 12 we Saýat etrabyndan 18 pälwan çykyş etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector