JEMGYÝET

Oýunlary işläp taýýarlaýjy «Activision Blizzard» «Microsoft»-a geçýär

«Microsoft» amerikan kompaniýasy dünýäde iň uly oýun işläp taýýarlaýjylaryň biri bolan «Activision Blizzard Inc.»-ni satyn alar. Söwdanyň bahasy 68,7 milliard amerikan dollaryna barabar. Bu barada «Microsoft»-nyň metbugat gullugy habar berýär, diýip «ТАСС» ýazýar.

Kompaniýada 2023-nji ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulýan söwdadan soň «Microsoft» girdejisiniň mukdary möçberi «Tencent» we «Sony»-dan soň dünýäde üçünji kompaniýa» bolar diýip belleýärler. «Activision Blizzard»-nyň baştutany Bobi Kotik öňki wezipesinde galar.

«World of Warcraft», «Call of Duty», «Diablo», «Guitar Hero» ýaly oýunlary döreden «Activision Blizzard» wideoýunlaryň bazaryndaky öňde baryjy kompaniýalaryň biridir.

«Activision Blizzard»-y satyn alýan  «Microsoft» wideoýunlar bazarynda agalyk etmek üçin esasy bäsdeşi «Sony» bilen göreşýär. Öňde baryjy işläp taýýarlaýjylaryň birini satyn almagy soň bu garşylykda «Microsoft»-nyň ornuny has berkider.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: