Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Lebap welaýatynda 5 çaga Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edildi

Sep 17, 2021

Howandarlyga mätäç çagalaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna şu ýyl Lebap welaýatynda 5 çaga operasiýa edildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde geçirilen bu operasiýalar üstünlikli amala aşyryldy. Häzirki wagtda çagalaryň saglyk ýagdaýy gowy.

Operasiýa geçirilen çagalaryň üçüsi welaýat çagalaryň saglygyny dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumyndan, ikisi bolsa welaýat çagalar öýünden.

Umuman, ýokarda ady agzalan haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna welaýatda jemi 40 çagany operasiýa etmek meýilleşdirilýär. Şol sanda olaryň käbiri paýtagtymyzdaky halkara derejeli saglyk merkezlerinde operasiýa ediler.

Ýeri gelende, şu ýyl döredilen gaznanyň serişdelerinden iýun aýynda welaýatyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» ulaglarynyň 10-sy sowgat berlipdi.

Adblock
detector