Mbappe PSŽ-ni erkin agent hökmünde terk etjekdigini habar berdi
PSŽ hüjümçisi Kilian Mbappe möwsümiň ahyrynda Pariž kluby bilen hoşlaşar.
Fabrisio Romanonyň sözlerine görä, fransuz ýyldyzy PSŽ-nyň prezidenti Nosir Al-Helaýfi bilen duşuşygynda toparyny erkin agent hökmünde terk etjekdigini habar berdi.
Romano: “Mbappeniň topardan gitmeginiň şertleri entek doly ylalaşylmady, ýöne şu tomus ol Parižden gider” -diýdi.
Mbappe-iň häzirki şertnamasyna 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli gol çekilendigini ýatladýarys.
Ondan öň futbolçynyň tomusda “Reala” geçjekdigi barada habarlar gelip gowuşýardy.