2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finaly geçiriljek stadion kesgitlenildi
2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň finaly ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki “Metlaýf-stedium” stadionynda geçiriler. Bu barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) habar berdi. Final 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda meýilleşdirilýär. Bu stadion 82,5 müň janköýer üçin niýetlenendir.
3-nji ýer üçin oýun Maýami şäherindäki 64,767 janköýere niýetlenen “Hard Rok Stedium” stadionynda geçiriler.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ, Kanada we Meksikada geçiriler.
Top oýnuna ilkinji gezek 48 topar gatnaşar. Duşuşyklar ABŞ-da 6, Meksikada 2 we Kanadada 1 stadionda oýnalar.
Dünýä çempionaty taryhynda ilkinji gezek üç ýurtda geçiriler. Ondan öň, 2002-nji ýylda Günorta Koreýa bilen Ýaponiýa bu çäräni bilelikde guradylar.