• Wed. Sep 30th, 2020

Aşgabatdan ýeňiş bilen

Apr 3, 2020

Lebap welaýatynyň wekilleriniň 12-si Türkmenistanyň çagalar sungat mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda «Bitaraplyk waspy dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşiginden ýeňiş bilen dolandylar.

Bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Aşgabat şäherinde geçirilen bu çärä, esasan, çagalar sungat mekdeplerini şu okuw ýylynda tamamlajak okuwçylary gatnaşdylar. Lebap welaýatyndan oňa Türkmenabat şäherindäki we etraplardaky sungat mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň 24-si gatnaşdy.

Onda ýaş zehinliler saz sungatynyň 11 görnüşi boýunça öz ukyplaryny görkeziler. Lebaply ýaşlar skripkada, fortepianoda, dutarda, akkordeonda, plektrli dutarda, klarnetde we fleýtada ýerine ýetiren dürli saz eserlerine emin agzalary ýokary baha berdiler.

Üstünlik gazanan çagalaryň aglabasy Türkmenabat şäherindäki çagalar sungat mekdeplerinde okaýarlar.

Поделиться ссылкой: