JEMGYÝET

Mbappe bir ýylda 50 million ýewro gazanar

Fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe «Reala» geçeninden soň bu klubdaky iň köp hak tölenilýän oýunçy bolar. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

«Bild»-iň habar bermegine görä, Mbappde we madridliler oýunçynyň şu ýylyň tomsunda geçmegi barada şertleşipdirler. Şol wagt hüjümçiniň «PSŽ» bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanýar.

Neşiriň alan maglumatlaryna görä, 23 ýaşly fransuzyň haky bir ýylda 50 million ýewro barabar bolar. Bu ony klubda iň köp hak tölenýän oýunça öwrer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: