Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdudyr. Taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan türkmen halky dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýän milli atşynaslyk medeniýetini elýetmez baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başardy. Köp sanly taryhy maglumatlar we anyk güwänamalar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy merkeziniň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistandygyny biragyzdan tassyk edýärler. Köp sanly hünärmenleriň bellemegine görä, gadymy türkmen halky ilkinji bolup atlary eldekileşdiripdir. Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dürli döwürlerde tapylan köp sanly gymmatlyklar ýokarda aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Gadymy çeşmelerde atlandyrylyşy ýaly, «behişdi», «asman», «asylly», «adaty bolmadyk» diýlip atlandyrylan türkmen bedewleriniň şöhraty biziň eýýamymyzdan ozalky birinji müňýyllykdan gözbaş alyp gaýdýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp atlardyr. Çapyksuwaryň jylawyna gürrüňsiz kaýyl bolýan bu atlar özleriniň buýsançly başlaryny belent tutupdyrlar. Olaryň altynsow ýallary şemalyň ugruna bir enaýy owsun atýar» Taryhda belli yz goýan meşhur taryhçy Ksenofont: «Biziň gözümiziň alnynda janly durşy bilen hyjuwly görnüş emele gelýär: toýnaklaryň gurak urgusy topraga galtaşýar, şadyýan bedewleriň kişňemesi eşidilýär, olar burnuny parladyp dem alýarlar, bedewiň owadan kellesiniň paýhasly garaýşy kalbyňa aralaşýar we ýakymly täsir galdyrýar. Bu görnüş şu hereketleriň ähli täsirini başyndan geçiren adama düşnüklidir» diýip belleýär.Türkmenleriň syýasy taýdan özygtyýarlylyk ugrundaky uzaga çeken göreşleriniň merkezinde şöhratly «asman atlary» we olara atlanan türkmen ýigitleri bolupdyrlar. Ahalteke bedewleriniň bir eýesi bar diýilmegi hem ýöne ýerden däldir.

Ýurdumyzyň atşynaslyk ulgamyny höweslendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu tohumdaky bedewleriň iň gowy wekilini yglan etmek üçin ýörite bäsleşik esaslandyryldy. Ol çäre diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzat medeniýetiniň aňrybaş gazanany bolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelliginiň özboluşly gözden geçirilişidir. Ýurtda arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler döredildi. Şeýlelikde, tohumçylyk ulgamynyň aýawly saklanjakdygy we onuň bahasy ruhy baýlyk hökmünde nesillere geçiriljekdigi gümansyzdyr. Bular asyrlaryň we nesilleriň, tagallalaryň we ýeňişleriň, zähmetiň we sazlaşygyň baglanyşygyny özünde jemleýär.Milli medeni mirasymyzy ösdürmekde uly işleri alyp barýan gahryman arkadagymyzyñ jany sag ömri uzak mertebesi belent bolsun.
Hudaýberdi Döwletow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygy.


