Türkmenistanda ilkinji IT-tehnologiýalaryň elektron sözlügini taýýarladylar
Türkmenistanlylar üçin ýurtda ilkinji gezek goýberilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň «IT Sözlük» mobil goşundysy elýeter boldy.
Goşundyny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ABŞ-niň halkara ösüş Agentligi (USAID) bilen bilelikde taýýarlady. Ony App Store we Google Play platformalaryndan alyp bolýar.
Sözlük üç: türkmen, iňlis we rus dillerinde döredildi. Ol IT-tehnologiýa çygryndaky esasy adalgalary içine alýar.