JEMGYÝET

Garagum derýasynyň gözbaşyndaky howdanyň sygymy 3,8 milliard kub metre ýetiriler

«Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Başhowdangurluşyk» önümçilik dolanyşygynda Kerki etrabynyň çäginde, çöl içinde ýerleşýän Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky suw howdanynyň sygymyny 3 milliard 850 million kub metre ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Häzir bu howdanyň sygymy 2 milliard 200 million kub metre ýetýär.
«Türkmen gündogary» gazetiniň habar berşi ýaly, tutýan umumy meýdany 70 müň gektardan hem gowrak bolan suw howdany ozalky Uzynşor çöketliginde geçen asyryň segseninji ýyllarynda peýda boldy. Ol hem Garagum derýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Amyderýadan suw akabalary arkaly gelýän gyrmançaly suw howdanda toplanylyp, durlanandan soňra emeli derýa akdyrylýar. Başgaça aýdylanda, bu uly suw desgasy ýylyň ähli paslynda, ylaýta-da, suwuň köp sarp edilýän döwründe Garagum derýasynda suwuň kadaly möçberde akmagyny üpjün etmek hyzmatyny ýerine ýetirýär.
— Howdanda suwuň taslamada bellenilen möçberde bolmagyny gazanmak we ony Garagum derýasyna bökdençsiz akdyrmak ýaly möhüm meseleler üstünlikli çözülýär. Biziň işgärlerimiz howdanyň kenarlaryny berkitmek we gaçylary galdyrmak işlerini alyp barýarlar. Bu işde daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanýarys — diýip, «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Başhowdangurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň başlygy Bagtyýar Jumalakow gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply