JEMGYÝET

Maryly artistler Lebap welaýatynda döredijilik saparynda boldular

Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynyň artistleri Lebap welaýatynda döredijilik saparynda boldular.

Olar Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda, Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Mülk» atly spektakl bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler. Režissýor Ata Gullarowyň sahnalaşdyran bu spektaklynda türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan asylly däp-dessurlary, maşgala mukaddeslikleri, hoşgylawlylyk, rehimdarlyk, dost-doganlyk ýörelgeleri çeper şöhlelendirilýär.

Spektaklda baş keşpleri Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Garajaýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurbibi Nazarowa, Muhammettirkiş Rüstemow we beýleki artistler ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: