JEMGYÝET

Täze kitaplar gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda Lebap welaýatynda ýerleşýän kitaphanalaryň hazynasy täze gelip gowşan kitaplaryň 4817-si bilen baýlaşdy.

Täze neşirleriň 3424-si Türkmen döwlet neşirýat gullugyndan, 1070-si «Galkynyş» kitap merkezinden, 264-si alyş-çalşyk esasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan gelip gowuşdy. Şeýle hem täze gelen kitaplaryň arasynda kitaphanaçylar üçin gollanmalaryň 59-sy bar.

Kitaplaryň ählisi welaýat kitaphanasyna getirildi. Olar ýakyn günlerde ministrligiň garamagyndaky kitaphanalara paýlanyp berler. Welaýatda Medeniýet ministrligine degişli kitaphanalaryň 60-a golaýy hereket edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: